«Ýaşyl gurluşygyň» ajaýyp nusgasy

10 Ýanwar 2023
848

Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň ýurdumyzda iň kämil binagärlik çözgütlerine esaslanmak bilen birlikde, şähergurluşygynyň ekologiýa abadançylygy bilen sazlaşygynyň nusgalyk merkezine öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar. Bu günki günde Arkadagly Serdarymyzyň şäheriň gurluşygynyň «akylly» we «ýaşyl» gurluşyga esaslanmalydygy baradaky talaby milli binagärlikde giňden ornaşdyrylýar.

Daşky gurşawa zyýansyz bolan gurluşyklar we tehnologiýalar häzirki wagtda dünýä binagärliginiň geljegi uly ugurlaryndan biridir. «Ekogurluşyk» ýa-da «ýaşyl gurluşyk» düşünjesi gurulýan desganyň işiniň daşky gurşawa we adam saglygyna edýän täsirini azaltmaga kömek edýän çäreleriň, tehnologiýalaryň, dizaýn we inženerçilik çözgütleriniň toplumyny öz içine alýar. Ýaşyl bina ekologiýa taýdan arassa materiallary, gaýtadan dikeldilýän energiýany we desgalaryň mümkin boldugyça amatly bolmagyny, mümkin boldugyça az energiýa sarp etmegi üçin ýörite dizaýna esaslanýar. Şeýle esasda gurlan desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak hem adaty binalary bejermekden has arzan düşýär.

Bägül ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.