Ylma we döwrebap tehnologiýalara esaslanýan ösüş

21 Dekabr 2022
833

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Ylmy tehnologiýalaryň ösýän, innowasion işläp taýýarlamalaryň gündelik durmuşa ornaşýan döwrüniň talaplaryna laýyklykda, her bir jemgyýetiň, döwletiň ösüşiniň düýp özeninde ylmyň-bilimiň durýandygy ählimize mälimdir. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, şonuň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli edip ýetişdirmek barada uly aladalar edilýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň: «Dünýädäki ähli ösüşler ylym hem-de tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler esasynda döwletimizi ösdürmäge möhüm ugur hökmünde garaýarys. Akademiki, pudaklaýyn we ýokary hünär bilim edaralarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy edaralaryň hojalyk hasaplaşygy, sargytlaýyn esasda amala aşyrýan ylmy işleriniň gerimini giňelderis» diýip bellemegi has-da buýsandyryjydyr.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.