Gahryman Arkadagymyzyň işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasynda ylmyň dürli ýaýrawlaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, döwletimiziň intellektual kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ylym ulgamyny sanlylaşdyrmak, ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Täzeçe pikirlenmäge, önümçilik işlerini dolandyrmaga ukyply hünärmenler döwletiň we jemgyýetiň esasy daýanjy bolup durýar. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işgärleriň taýýarlanylmagy, ylmy işleriň alnyp barylmagy, talyplaryň ylmy işlere çekilmegi, täze taslamalaryň üstünde işlenilmegi, halypa alym mugallymlar tarapyndan ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýaşlara degerli goldawlaryň berilmegi biziň ylma bolan höwesimizi has-da artdyrýar.