Şu gün agzybir türkmen halky Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara Bitaraplyk gününi uludan baýram etdi. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzyň ähli ýerinde baýramçylyk çäreleridir aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Welaýatymyzyň ýaşaýjylary-da naýbaşy baýramlarymyzyň biri bolan Bitaraplyk gününi uly ruhubelentlik we agzybirlik bilen garşyladylar. Baýramçylyk çäreleri Türkmenabat şäherindäki Baş Baýdak meýdançasynda guralan dabaradan badalga aldy. Ir ertirden dabaralar meýdançasyna etrap-şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, welaýatymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet-sungat ussatlary we talyp ýaşlar ýygnandylar.