Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şol çärelerde halkymyzyň hemişelik Bitaraplygymyza hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň yzygiderli arşa galýan halkara abraýyna buýsanjy, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan, durmuşa geçirýän işleriniň ählumumy ähmiýeti dabaralandy.
Şeýle baýramçylyk çäreleriniň biri düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatdyr.