Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we parasatly daşary syýasaty sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagyna, halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryny has-da jebisleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýurdumyz Bitaraplyk syýasatymyz arkaly parahatçylyk söýüjilik ýörelgämizi dünýä ýaýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgesiniň giň mümkinçiliklerini dabaralandyrmak, döwletimiziň dünýädäki ornuny mundan beýläk-de berkitmek babatda ähmiýetli işler alnyp barylýar. «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň rowaçlanmagyna uly goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Halkara Bitaraplyk güni Garaşsyz döwletimiziň ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senedir.