Ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşy

7 Dekabr 2022
728

Ajaýyp döwrümizde ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzyň at-abraýy täze belentliklere galýar. Munuň özi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp alyp barýan daşary syýasatynyň, durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde mümkin bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasatymyzam, ynsanperwer işlerimizem merdana halkymyzyň hoşniýetli däp-dessurlaryna, asylly ýörelgelerine, milli gymmatlyklaryna daýanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde we sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan  «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi, şonuň ýaly-da gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri munuň subutnamalarydyr.

Arkadagly Serdarymyz: «Biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys» diýip nygtaýar. Bu gatnaşyklar dünýäde parahat durmuşyň, abadançylygyň hem ösüşiň hatyrasyna gönükdirilendigi üçin has-da ähmiýetlidir.

Akpamyk Nurmämedowa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.