Ruhubelentlige beslenen çäreler

7 Dekabr 2022
824

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň muzeý bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Bitaraplyk röwşen geljegimiziň baky binýady» atly maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň we raýdaşlygyň mekany hasaplanýandygy hakynda buýsanç bilen nygtadylar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamalary esasynda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň iki gezek ykrar edilmeginiň berkarar döwletimiziň öňe sürýän daşary syýasatynyň bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrýandygy hakynda täsirli söhbet edildi.

Hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurtlar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda durmuşa geçirýän diplomatiýasy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ulag, energetika, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, ony dünýädäki parahatçylygyň we halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýmak döwletimiziň öňe sürýän diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biridir.