Köňülleriň senasy

7 Dekabr 2022
654

Bagtly zamananyň buşlukçysy bolup, dünýä ýüzüne ýaň salan Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Rezolýusiýa bilen berkidilen ýeke-täk ýurtdugy kalplary buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda gazanylýan köpsanly üstünlikleriň hatarynda baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy oňyn tejribeler we diplomatik netijeler bilen baýlaşýar. Milli hukuk ulgamynyň ösüşleriniň özeninde, onuň binýatlaýyn düzgünlerinde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, häzirki zaman dünýäsiniň umumadamzat gymmatlyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri aýdyň şöhlelenýär.

Baky Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, eşretli hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa baky Bitaraplyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, deň-hukuklylygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.

Resulberdi MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy.