Parahatçylyk şuglasy

7 Dekabr 2022
679

Parahatçylyk, ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly, adamzat üçin örän möhüm ýörelgelerdir. Häzirki wagtda bular hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Has dogrusy, adamzadyň ýaşaýşynyň ähli taraplary bu ýörelgelere baglydyr. Diňe şu ýörelgelere berk daýanan ýagdaýynda, adamzadyň rahat, bagtly durmuşyny üpjün etmek mümkindir. Ine, şulary doly nazara alanyňda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň örän uly ähmiýete eýedigine anyk göz ýetirmek bolýar. Dünýä halklary üçin ählumumy howpsuzlyk, abadançylyk, ösüş, ynsanperwerlik, ruhy kämillik, dostluk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren taglymatynda öz aýdyň beýanyny tapdy. Häzirki wagtda bu ýörelgeleri döwlet syýasatynyň özeninde goýmak bilen, Arkadagly Serdarymyz öz halkynyň we dünýäniň öňünde taryhy hyzmatlary bitirýär.

Türkmenistan sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny ýöredýär. Ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen deňhukukly, ynsanperwer, öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýar, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Şunda Türkmenistan diňe bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň hatyrasyna bilelikde netijeli işlemäge gönükdirýär, öz pikirdeşlerine öwürýär. Ählumumy abadançylyga hyzmat edýän şeýle tagallalar ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, has dogrusy, bu syýasatyň düýp manysyndan gelip çykýandyr. Parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň ähli üstünlikleriň gözbaşydygy düşnüklidir. Diýmek, berkarar döwletimiziň baky Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň ösüşleriniň, halkymyzyň erkin, rahat, bagtly ýaşaýşynyň, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we geljekde alyp barjak halkara işiniň üstünliklere beslenmeginiň kepilidir, sebitiň hem dünýäniň abadançylykly ösüşiniň daýanjydyr.

Myrat NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.