Beýik maksatlar rowaçlanýar

7 Dekabr 2022
836

Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Diýarymyz täze-täze sepgitlere eýe bolup, dünýäde deňli-derejeli, atly-abraýly ýurt hökmünde giňden tanalýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen dünýäde ýeke-täk, hemişelik Bitarap döwlet bolan ata Watanymyz özüniň bu belent hem jogapkärli derejesinden ugur alyp, tutuş dünýä ýüzünde asudalygyň, agzybirligiň, parahatçylygyň, abadançylygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna möhüm halkara başlangyçlary bilen ýygy-ýygydan çykyş edýär. 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyzda açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan halkara başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde gyzgyn goldawa eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan şu geçen ýyllaryň içinde bütin adamzada özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini, Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy gorap saklamak, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky erk-islegini subut etdi».

Nurmuhammet SÜLEÝMANLY,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.