Agzybirligiň, abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly

3 Dekabr 2022
897

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir gününi şanly wakalara, belent üstünliklere besleýän zähmetsöýer, agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygyny dünýä derejesinde giňden bellemäge ykjam taýýarlyk görýär. Berkarar döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýar, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Munuň özi dünýäde ykrar edilen Lider, görnükli syýasatçy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň yhlasly tagallalary, durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli we hoşniýetli diplomatiýasy bilen aýrylmaz baglydyr.

Mähriban Arkadagymyzyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabynda nygtalyşy ýaly, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklar boýunça öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljegimize, umumy ykrar edilen we hemmelere düşnükli ynsan gymmatlyklaryna esaslanýar. Bu filosofiýany mundan beýläk-de ilerletmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Çünki hut şu gurama Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, hemmeleriň bähbidine durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda iş alyp barýan ýeke-täk hem-de iň iri wekilçilikli düzüm hasaplanýar.

Akjemal DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.