Bagtyýarlygymyzyň milli taglymaty

2 Dekabr 2022
848

Türkmenistan gysga wagtyň içinde halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap döwletimiz sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barmak bilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, halkara gatnaşyklarynda mynasyp orny eýeleýär.

Bitaraplyk ýörelgesi türkmen halkynyň taryhynda asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly aýratynlykdyr. Halkymyz goňşularydyr beýleki halklar bilen ylalaşykly, arkalaşykly ýaşamagyň we bir-biregi goldamagyň, hemaýat bermegiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýokary nusgasyny görkezýär.

Batyr HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.