Ykrar edilen beýik gymmatlyk

30 Noýabr 2022
621

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galýandygyny täze taryhy zamanada hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň dünýä möçberinde amala aşyrýan beýik işleri, belent ykrarnama eýe bolýan başlangyçlary subut edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkara başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm Kararnamalaryň kabul edilmegi munuň kepilidir. Ata Watanymyz özüniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, alyp barýan ynsanperwer işleri bilen giňden tanalýar. Rowaç gadamlar bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasaty hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň: «Dünýäde we sebitde hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatymyzy dowam etdirip, Bitarap Watanymyzyň geljegi, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidi bilen bagly meselelere hem örän jogapkärçilikli çemeleşýäris» diýip belläp geçişi ýaly, ata-babalarymyzyň asylly däplerine daýanýan bitaraplyk ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen ösüşiň hem abadançylygyň hatyrasyna netijeli hem özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgeleri şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Baky Bitaraplygymyz bagtyýarlygymyzyň, berkararlygymyzyň hem rowaçlygymyzyň daýanjydyr. 

Dünýä halklarynyň abadançylygy, agzybirligi barada uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolup, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Ogulsona Tagangeldiýewa,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.