Ýurdumyzyň dowardarçylyk pudagyny senagat esasynda ösdürmegiň ugurlary

22 Noýabr 2022
960

Maldarçylyk pudagy ilatymyzy azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatymyzyň maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallardan alynýan önümleriň mukdaryny köpeltmek, baş sanyny artdyrmak boýunça anyk wezipeler goýuldy. Bu wezipelerden ugur alnyp, dowardarçylyk pudagynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň dowardarçylyk pudagynda dowarlar ýylyň bütin dowamynda öri meýdan şertlerinde bakylýar. Şonuň bilen baglylykda, olaryň et-ýag we ýüň önüm berijiligi gönüden-göni ýurdumyzyň tebigy, howa we öri meýdan, ot-iým şertlerine bagly bolup durýar. Dowarlar ekstensiw şertlerde, ýagny öri meýdan şertlerinde saklananda, olar et-ýag we ýüň öndürmek boýunça özünde jemlenen genetiki potensialy (mümkinçiligi) doly derejede ýüze çykaryp bilmeýär. Emma dowarlar üçin amatly şertler döredilende, olaryň et-ýag we ýüň önümliligi ýokary bolýar.

Mustapaguly ATABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.