«7/24. tm», № 47 (130), 20.11.2022
Häzirki wagtda sanly tehnologiýalaryň giňden ýaýramagy bilen kompýuteriň nämedigini düşündirmäge zerurlyk ýok. Emma biziň aglabamyz «kompýuter» sözüniň türkmen dilinde «hasaplaýjy» diýmegi aňladýandygyny bilmeýän bolmagymyz ahmal. Kompýuter ilkibaşda döredilende, diňe hasaplaýyş işleri üçin niýetlenen enjam bolupdyr. Soňra olaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen kompýuterler san görnüşinde berip bolýan islendik maglumatlary gaýtadan işlemäge ýaramly bolup başlaýarlar.