Döwrüň talabyndan ugur alyp

3 Oktýabr 2022
1797

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary, esasan-da, oba hojalyk, lukmançylyk pudaklary, derman, azyk, himiýa senagatlary, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri ýaly ugurlar boýunça ýerli çig mallary ulanmak arkaly, ekologiýa taýdan arassa, innowasion tehnologiýalara esaslanýan ylmy-barlaglar ýerine ýetirilýär. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, düýpli we amaly işler alnyp barylýar.

Tehnologiýalar merkezinde hojalyk hasaplaşygy esasynda amala aşyrylýan ylmy işleriň gerimi giňeldilip, ylmy-barlaglar önümçiligiň zerurlyklaryna gönükdirilýär. Hususan-da, «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalar, zawodlar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk esasynda şu ýyl 220-den gowrak hojalyk şertnamalary baglaşylyp, ylmy-barlag we tehnologik işler ýerine ýetirildi.

Jeren AŞYRMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktorynyň ylym we tehnologiýalar boýunça orunbasary, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.