Awazada 3 aýda 150 müňden gowrak adam dynç aldy

28 Awgust 2022
2472

Şu ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 150 müňden gowrak adam dynç aldy. Bu barada 27-nji awgustda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazada alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda habar berildi.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolmagynyň çäklerinde bu ýerde hereket edýän düzümleriň dolandyryş we hojalyk işlerine zerur üns berilmelidigini, munuň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýratyn belledi. Hususan-da, deňziň kenarynda dynç alýanlar üçin häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, şüweleňli çykyşlar guralmalydyr.

«Türkmenistan»