Ýaşlar hemişe öň hatarda bolmalydyr

24 Awgust 2022
1868

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi. Oňa TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli kärde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Hasabat-saýlaw ýygnagynda hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde TMÝG-niň welaýat geňeşiniň alyp barýan işleri, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeler barada gürrüň edildi. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, zähmetsöýer, ylymly, bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda tutumly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen hem, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, TMÝG-niň welaýat, şäher we etrap geňeşleri tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli mazmunly çäreler, bäsleşiklerdir sport ýaryşlary geçirilip durulýar. 

Oguljennet Annageldiýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».