Akgoýunly döwletiniň meşhur alymlary

22 Awgust 2022
1904

Taryha ser salsak, kuwwatly türkmen döwletlerinde ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilendigine göz ýetirmek bolýar. Türkmen döwletleriniň hökümdarlary ylmyň ösmegi üçin alymlary öz ýurduna çagyryp, howandarlyk edipdirler. Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň bu ugurda amala aşyran işleri hem muňa aýdyň mysaldyr.

Akgoýunly türkmen döwletini Oguz han neslinden bolan Baýyndyrlar esaslandyrypdyr. Maglumatlara görä, akgoýunlylar orta asyrlarda Horasandan Diýarbekiriň töwereklerine göçüp barypdyrlar. Akgoýunlylaryň ilkinji taryhy şahsyýeti Turaly begdir. Turaly begiň agtygy Gara Ýülük Osman beg 1403-nji ýylda merkezi Diýarbekir şäheri bolan Akgoýunly döwletini esaslandyrypdyr. Gara Ýülük Osman begiň agtygy Uzyn Hasanyň döwründe bu döwlet gülläp, çägini giňeldip, şadöwlet (imperiýa) derejesine ýetýär.

Hurma ÇOMMADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň işgäri.