Awaza — ösüşleriň mekany

9 Awgust 2022
1905

Mähriban Watanymyzyň iň gözel ýerlerinde döredilen dynç alyş zolaklary täze mümkinçilikler bilen barha baýlaşýar. Ilata oňat dynç almak üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň saglygy berkidiji şertler we sport desgalary bilen sazlaşyp gitmegi ynsan sarpasynyň gymmat tutulýandygyny dabaralandyrýar. Arassa asmanyň astynda, asuda durmuşda, owadan tebigatyň tämiz gurşawynda ýekelikde ýa-da maşgala bolup dynç almak üçin döredilýän şertleriň barha artyp barmagy adam baradaky aladanyň baş görkezijileriniň biri bolup durýar. Häzirki tomus möwsüminde mekdep okuwçylary dürli çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirseler, zähmetkeşleriň köpüsi zähmet rugsadyna çykyp, dynç alyş-şypahanadyr syýahatçylyk hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Iri merkezlerdäki, şäherlerdäki owadan seýilgählerdir döwrebap desgalardan başlap, ýörite döredilen düzümleýin dynç alyş toplumlaryna, şypahanalardyr syýahatçylyk nokatlaryna çenli giňäp gidýän şeýle mümkinçilikler eziz Diýarymyzyň ähli künjegini gurşap alýar.

Gojaman Hazaryň mawy giňişliklerine bezeg berip, kenarýaka şähergurluşygynyň ajaýyp nusgasyna öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň dynç alyş düzüminiň altyn guşagyny emele getirýär. Arassa çägeli kenarda, bejeriş ähmiýetli howasy we şypaly deňiz suwy bolan bu künjekde häzirki zaman myhmanhanalarynyň we dürli dynç alyş merkezleriniň tutuş toplumy döredildi. Häzirki wagtda bu ýerde saglygyňy dikeltmek we berkitmek, göwnejaý hem-de işjeň dynç almak, şol sanda maşgala bolup dynç almak üçin zerur bolan ähli şert we mümkinçilik bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen iri möçberli işleriň netijesinde gysga döwürde türkmen topragynyň bu bereketli künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Täze oňaýly myhmanhanalar, dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary, ýaht-klub, döwrebap seýilgähler, akwapark ýaly dynç alşa degişli beýleki desgalar, köpugurly sport düzümleri, emeli derýa deňiz dynç alşynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi. Ine, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, 1-nji awgustda Awazada açylan täze «Rowaç» atly kottejler toplumy hem bu işleriň yzygirdeli dowam etdirilýändigini görkezýär. Bu işler döwlet tarapyndan ildeşlerimiziň durmuş şertlerini gowulandyrmak we saglygyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeleriň miweleridir. Kottejler toplumy özboluşly şäherçäni ýatladyp, 10 gektar ýere ýaýylyp gidýär. Toplum bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyply. Toplumyň çäginde sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, ýüzmek üçin açyk howuz, hyzmat ediş merkezi ýerleşýär. Deňziň kenarynda gurulýan desgalaryň ählisiniň daşky gurşaw üçin howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».