Kä­mil­li­giň aý­dyň ýo­ly

28 Iýul 2022
2048

Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz ata Watanymyzyň dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuna eýe bolmagynyň, dünýä dolmagynyň we ösmeginiň goşa ganatydyr. Ata-babalarymyz müňýyllyklardan bäri parahat durmuşa, asuda ýaşaýşa uly sarpa goýýarlar. Çünki parahatçylygyň bar ýerine gülläp ösmek, rowaçlyk ýardyr. Biziň şu günki asudalyga, hoşniýetli gatnaşyklara bolan söýgimiz öz gözbaşyny pederlerimiziň çuňňur paýhasyndan alyp gaýdýar. Bu gün bolsa halkymyzyň parahatçylyga goýýan sarpasy, ynsanperwerlik ýörelgesi, hoşniýetlilik, açyk göwünlilik, ynanyşmak häsiýeti Bitaraplygyň filosofiýasy bolup giň jahana ýaýylýar. Diýmek, hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylyga, dostluk-doganlyga, ýagşy niýetlilige, adalatlylyga ýugrulan hamyrmaýasydyr, ösüşiň, kämilligiň aýdyň ýoluny şöhlelendirýän taglymatydyr.

Ähmiýeti, zerurlygy babatda iňňän uly baýlyk bolan Bitaraplygymyza eýe bolan günümiz taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Halkymyz şeýle gymmatlyklary mukaddeslik derejesine ýetirýär we däp bolşy ýaly, her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni uludan bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli geçen Bitaraplyk ýyllary içinde gazanylan we indi gazanyljak ösüşlerimize, bolup geçýän dürli öwüşginli wakalara akyl ýetirmek biziň her birimiz üçin parzdyr.

Ata ORAZ­MÄM­ME­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň Jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylym­la­ry ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my.