Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

13 Iýul 2022
2057

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlanýar. Watanymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Dünýäniň dürli döwletleri, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr.

Türkmenistan soňky ýyllarda abraýly halkara forumlaryň münberinde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de hyzmatdaşlyk meselelerine degişli ählumumy sebit ähmiýetli köpsanly başlangyçlar bilen çykyş etdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy uly ösüşlere, täze many-mazmuna eýe bolýar.

Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleleri baradaky komitetiniň agzasy.