Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň orny

4 Iýul 2022
2018

«Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan BMG-niň we beýleki onlarça halkara, sebit guramalarynyň agzasy hökmünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabarada eden çykyşynda şeýle belleýär: «Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder». Hormatly Prezidentimiziň ol sözleri bu günki gün ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýdyň şöhlelenýär.

Kakageldi ESENMYRADOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.