Ylymly ýaşlar — röwşen geljegimiz

15 Iýun 2022
1727

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Ýaş alymlaryň bäsleşigine Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetinden Hangeldi Rozyýew hem gatnaşyp, 1-nji orna eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Harby talybymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi geljekki harby lukmanlaryň, ýagny fakultetiň harby talyplarynyň diňe bir okuw maksatnamasy esasynda bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn hem harby-lukmançylyk ylmyny ösdürmekde, ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy barlaglary alyp barjakdyklaryna şaýatlyk edýär.

Ýakup ORUNOW,
Myrat Garryýew adyndaky  TDLU-nyň Harby-lukmançylyk fakultetiniň kliniki ordinatory, leýtenant.

Kerim MYRADOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby gullukçysy, kapitan.