Ýaş alym­lar — ýurdumyzyň yl­my kuw­wa­ty

13 Iýun 2022
1500

Aş­ga­bat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de ýaş­la­ryň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça yg­lan edi­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Her ýyl­da Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän bu iri möç­ber­li çä­rä­ni Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­le­lik­de gu­ra­ýar. Yl­my bäs­le­şi­ge ýur­du­my­zyň yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň we önüm­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň iş­gär­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry, or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry şeý­le-de yl­my işe hö­wes­li dür­li hü­när­dä­ki ýaş­lar gat­naş­ýar­lar. 

Ylym we bi­lim is­len­dik döw­le­tiň hem-de jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň bin­ýa­dy, mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Şol bir wagt­da ol Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy we ylym-bi­lim müm­kin­çi­lik­le­ri­niň kuw­wat­lan­ma­gyn­da-da äh­mi­ýet­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da mil­li bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ägirt uly yl­my müm­kin­çi­lik­le­ri bo­lan giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly we tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly, mak­sa­daok­gun­ly, ýo­ka­ry hü­när­li ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ug­run­da äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­ny bel­läp­di.