Zehin zehinden zyýada

10 Iýun 2022
1254

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylym-bilim almagy, döwrebap düşünjeli we giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmegi ugrundaky aladalar mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda ylmyň, tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Döwletimiziň ykdysady we durmuş ösüşini üpjün etmekde ähmiýetli bolan maksatnamalar hem-de meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Arkadagly Serdarymyz: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda ýaşlara ylym dünýäsinde-de giň ýol açýar. Şunda ýaş alymlary taýýarlamak, ýaşlaryň ylmy başarnyklaryny we gözleglerini höweslendirmek işleri aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar.

Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar güni uly dabaralara beslenip baýram edilýär. Şeýle baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreleriň biri-de ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilýän ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasydyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ylmy işleriň bäsleşiginiň deslapky tapgyrlary ýokary guramaçylykda geçirildi. Olaryň ilkinji gezek paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup, ulanylmaga berlen Tehnologiýalar merkezinde geçirilmegi ýaşlaryň bu ylmy merkeziň alyp barýan işleri bilen tanyşmagyna, ylma bolan garaýşyny has-da çuňlaşdyrmaga şert döretdi.

Oguljan ÝAMATOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.