Bu gün ýurdumyzda Ylymlar güni

12 Iýun 2022
1185

YLYM – BAGTYŇ ÇYRAGY

Baky bagta eýe bolan eziz Diýarymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ylymlar güni uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Beýik Watanymyzyň berkararlygy, güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir» diýip belleýär. Bu hakykatyň älem içre belent ykrara eýedigini nygtamak bilen, ylmyň hem-de bilimiň ähli ösüşleriň gözbaşy bolup durýandygyny aýratyn bellemek möhümdir. Adamzat ýaşaýşy üçin gymmatly hazyna ylym-bilimde jemlenendir.

Döwletnazar IŞANGULYÝEW,
«Daşoguz habarlary».