Döredijilik duşuşygy

9 Iýun 2022
1210

9-njy iýunda Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler zalynda ussat halypalaryň, ýaşlaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu duşuşykda halypalar we zehinli ýaşlar çykyş etdiler. Ylymlar güni mynasybetli geçirilen bu duşuşykda ussat halypamyz, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gyzyldan gymmatly halypa-şägirtlik maslahatlary, öwütleri has-da täsirli boldy.  

Ýörite habarçymyz.