Bilimli nesil — döwletiň kuwwaty

8 Iýun 2022
1080

12-nji iýun — Ylymlar güni

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy. Milli bilim ulgamyny mundan beýläk kämilleşdirmek işlerine-de bu maksatnamada uly orun berlendir. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çagalar baglaryndan başlap, bilim ulgamynyň ähli edaralary — umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri döwrüň ösen innowasion tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Şunda ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň häzirki zaman usuly bolan bakalawr we magistr görnüşleriniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine ornaşdyrylýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da kämilleşmeginde, hünärleriň ýöriteleşdirilen ugurlarynyň düýpli özleşdirilmeginde aýratyn orun eýeleýär.

Sapargeldi DAŇATAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedra müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy.