Ömre ganat, döwre zynat

8 Iýun 2022
1110

Bilşimiz ýaly, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmekde ylym ulgamyna aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda jemgyýetiň ösüşine gönüden-göni itergi berýän ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym — häzirki eýýamyň ösüş guraly hökmünde döredijilikli işiň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň baş maksady hem milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesli umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, ýaşlary ylmy işlere işjeň çekmek bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim özgertmeleri bilen örän gysga wagtyň içinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümleri ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edildi. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ylmy esasda işlenilip düzülen we uzak möhletli Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňyn netijelerini görkezýär.

Gültäç ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.