Umumadamzat bähbitli tagallalar

3 Iýun 2022
2360

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan täze taryhy eýýamda dünýä halklarynyň ykbalyna täsir edýän derwaýys meseleleri netijeli çözmäge giň mümkinçilikleri döredýän ylalaşdyryjy merkezleriň biri bolup durýar. Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirmek bilen, BMG-niň dünýäde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak ugrundaky tagallalara uly goşant goşýar.

Bu gün Türkmenistan adamzada howp salýan global wehimleriň we howplaryň arasynda daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň öňüni almaga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde ekologiýa meselelerine çözgüt tapmak maksady bilen daşary syýasatda ekologiýa diplomatiýasy ugry kemala geldi. Ýurdumyz BMG-niň bu ugurdaky möhüm konwensiýalaryna hem-de resminamalaryna goşulmak bilen, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş tagallalaryna mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki ýokary derejeli maslahatlaryň çäklerinde adamzadyň ýagty geljegini üpjün etmäge gönükdirilen anyk başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýa boýunça howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar babatda sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak we beýleki umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlary görkezmek bolar.

Gurbandurdy DURDYMYRADOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.