Ekologiýanyň hukuk goraglylygy

26 Maý 2022
1049

Ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ekologik syýasatyň esasy mazmunyny: adamyň ýaşaýşynyň we onuň işiniň esasy hökmünde çykyş edýän tebigy gurşawyň abat saklanylmagyndan, onuň baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyndan, ýurtda ekologik ýagdaýyň sagdynlaşdyrylmagyndan, ekologik howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdygyny nygtap geçdi.

Häzire çenli ýurdumyz ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň hem-de köptaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna goşuldy. Munuň özi bellenilip geçilen ugurlarda milli, sebit we halkara derejesinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin berk hukuk binýadynyň döredilmegine ýardam edýär. Diňe 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyz daşky gurşawy goramak boýunça halkara resminamalaryň dördüsine goşuldy. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Mähri ŞAMURADOWA,
Halaç etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.