Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň ählisi bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Geçen aýda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar we abraýly guramalar bilen dürli görnüşde geçirilen giň gerimli çäreler — duşuşyklar, geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar, okuw maslahatlary, sergiler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şol döwletler bilen gatnaşyklar bolsa köpasyrlyk mizemez dostluk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda guralýar.