Hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip

11 Maý 2022
2251

Sebit we dünýä derejesinde ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda uly ynam bilen nygtap aýtdy. Şu jähetden, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlar dialogy aýratyn ähmiýeti bilen tapawutlanar we döwlet Baştutanymyzyň parasatly sözleriniň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara hyzmatdaşlygyň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygy bellärliklidir. Bu bolsa daşary ýurtlar bilen gatnaşyklara täze öwüşgin çaýyp, hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny ýüze çykarýar. Şunda Türkmenistanyň umumymilli bähbitleri öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýandygyny bellemek ýakymlydyr. Halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özünde jemlejek bu taryhy wakalar hem hyzmatdaş ýurtlar bilen dostlukly hem-de özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde milli kanun çykaryjylygy halkara kanunçylyk tejribeleri bilen utgaşdyryp kämilleşdirmek hem-de zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek üçin täze çemeleşmeleri we mümkinçilikleri ýüze çykarar. Olar bolsa ynsanperwerlik, özara ynanyşmak we hoşniýetli gatnaşyklar esasynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedir.

Annatagan AMANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.