Asuda serhediň ýollaryny külterläp

4 Maý 2022
2304

Golaýda işdeşlerimiň biri bilen gadymy Lebap topragyna iş saparyna gitmek nesip edipdi. Bu iş saparymyzyň maksady Gullugymyzyň düzüminde hereket edýän serhet birikmesinde alnyp barylýan işler, şeýle-de harby gulluklaryny üstünlikli alyp barýan serhetçi serkerdeleriň gulluk durmuşy hakynda makala taýýarlamakdy.

Paýtagtymyzdan ugran otly, bizi ir säher bilen ýerli demirýol menziline eltdi. Demirýol menzilinde mähirli garşy alan terbiýeçi serkerdä maksadymyzy aýan etdik. Ilki bilen maýor Ýalkapdurdy Gurbanowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, soňra serhet birikmäniň düzüminde hereket edýän uly leýtenant Aganur Perdeliýewiň serkerdelik edýän serhet galasyna tarap ugradyk.

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.