Bag — gözellik hem sagdynlyk

27 Aprel 2022
1300

Ministrler Kabinetiniň 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde aýdylan hoş habar toý-baýramly günlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilmesidir. Munuň özi halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän asylly zähmetine berlen ýokary bahadyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň daşky gurşawy goramak, ekologik heläkçilikleriň öňüni almak boýunça dünýä möçberindäki hukuk resminamalary bolup durýan tebigaty goramak baradaky ylalaşyklara ilkinjileriň hatarynda goşuldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dünýä nusgalyk işler edildi. Şu günlerde-de ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, şäherleri we obalary bagy-bossanlyga öwürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra, ilkinji gatnaşan çäresi ählihalk bag ekmek dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga bermegi milli Liderimiziň sogaply işleriniň dowamat-dowamdygynyň nyşanydyr.

Hanaly AMANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.