Aşgabat — seýilgähleriň mekany

26 Aprel 2022
1074

Ak mermerli Aşgabat — ýurdumyzyň ýüregi, halkymyzyň buýsanjy. Bu gün özboluşly täsinligi we binagärlik keşbi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan, göreniň akylyny haýrana goýýan paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüşleri berkarar Watanymyzyň döredijilik ruhuny, kuwwatyny äşgär edýär.

Aşgabadyň şaýollarynyň ugrundaky bezeg baglary, seýilgäh zolaklary we seýilbaglar hem waspa, buýsanja mynasypdyr. Soňky sanlyja ýyllaryň içinde paýtagtymyzyň daş-töwereginde millionlarça baglar ekildi, Aşgabadyň gözel ýerlerinde dürli görnüşli baglary öz içine alýan seýilgähler döredildi. Bu gün «Arkadag», «Garaşsyzlyk», «Altyn asyr», «Ylham» ýaly seýilgähler göreniň kalbyny joşdurýar, ýüregini heýjana salýar.

Nurmuhammet AGANIÝAZOW,
Türkmenistanyň döwlet Migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.