Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli maslahat geçirildi

26 Aprel 2022
2373

2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.