BMG-niň güwänamasy Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň üstünliginiň ykrar edilmegidir

26 Aprel 2022
1096

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bu hoş habar geçen hepdede Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyndan gelip gowuşdy. Aşgabat şäherine degişli güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilmeginiň subutnamasy, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky üstünligi boldy.