Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 25-i — maý aýynyň 1-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

25 Aprel 2022
1097

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16...+18o-dan +19...+21o aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+24o-dan +31...+33o aralygynda maýyl bolar.

Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+17o-dan +18...+20o aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+23o-dan +30...+32o aralygynda maýyl bolar.