Bagy-bossan paýtagtym

23 Aprel 2022
1140

22-nji aprelde bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar göwünlere ganat bekledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek dabaralary arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowşandygy habar berildi.

Aýjan HAÝYTBAÝEWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymy.