2022-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

22 Aprel 2022
2289

Geçen aýda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler we beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol strategiýa ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda geçirilen bu çäreleriň ählisi ata Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletlerdir iri halkara we sebit guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýardam etdi.

1-2-nji martda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň barşynda dünýäde we sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ählumumy howplara — terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmäge aýratyn üns berildi. Bu çärä ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lu, iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

(TDH)