Biziň planetamyz ― biziň saglygymyz

20 Aprel 2022
1020

Bütindünýä saglyk güni şu ýyl «Biziň planetamyz — biziň saglygymyz» diýen şygar astynda geçdi. Her ýyl bir şygar bilen bellenilýän bu baýram öz gözbaşyny geçen asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar.

Has takygy, 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ilkinji assambleýasy geçirilýär. Gurama 1950-nji ýyldan başlap, her ýylyň şol gününi Bütindünýä saglyk güni hökmünde bellemek kararyna gelýär. Bu baýramda her ýyl aýry bir meselä ünsi jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde bu baýram ýylyň-ýylyna täze şygara eýe bolýar.

Gülşirin ROZYMURADOWA,
Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň mugallymy.