«Açyk gapylar» gününe çagyrýarys!

20 Aprel 2022
1593

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde we 14-nji maýynda sagat 15.00-da 2022—2023-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar bilen «Açyk gapylar» günlerini geçirýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan düýpli özgertmeleri, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda institutda alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada «Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara giňişleýin maglumat berler.