Näme üçin astronomiýany öwrenmeli? (Bilim we geljek)

18 Aprel 2022
1842

10 ýaşlarymda iňlis dilinde «Professor Boffiniň saýawany» atly ýukajyk kitap okapdym. Hekaýada Boffin atly professoryň uçýan saýawany bardy. Şol saýawanyň kömegi bilen ol älem giňişligine syýahat edip bilýärdi. Beýleki planetalarda ýaşaýanlar bilen tanyşýardy. Ýene-de onuň kömegi bilen Ýere dolanýardy. Elbetde, bu hekaýadaky wakalar känbir ynandyryjy bolmasa-da, henizem gözüm bir saýawana düşse, älem giňişligine saýawanly gitmek barada pikir etmän duramok.

Hakykatdan-da, Gün, Aý, ýyldyzlar biziň çagalykdan ählimiziň surat depderlerimizi bezeýän asman jisimleri. Olara göz, gaş we agyz ýasap, bize gülüp bakyp duran şekillerini çekmekden henizem hemmämiz lezzet alýarys. Ululy-kiçili ýyldyzlary bolsa hemişe Aýyň daşynda hatarlaýarys. Meşhur adamlary ýyldyzlara deňemek däbi hem, megerem, ýyldyzlaryň ähli ýerde görünýändigi, meşhurlaryň hem dünýäniň hemme ýerinde tanalýandygy bilen baglanyşyklydyr. Emma bularyň hiç biri biziň älem giňişligi barada çuňňur öwrenmegimiz üçin ýeterlik bolmaýar. Ata-ene bolanyňyzdan soňra çagaňyz sizden öz söýgüli Güneşi, Aý mamasy we ýyldyzlary barada içgin sowallary sorap başlasa, ine, şonda bular baradaky çuňňur ylym bolan astronomiýany öwrenmelidigiňizi ýatlarsyňyz. Eýsem, diňe çagalaryň sowallaryna jogap tapmak üçin däl, astronomiýany öwrenmek üçin ençeme degerli sebäpler bar. Geliň, olar barada durup geçeliň!

Şageldi ÝABANOW,
«Nesil».