Aýawly peýdalanmaly

15 Aprel 2022
1162

Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi. Ýer togalagynyň ilatynyň köpelmegi, ekerançylyk ýerleriniň geriminiň giňemegi hem-de täze senagat desgalarynyň gurulmagy tebigy gorlary çäkli bolan agyz suwunyň sarp edilişiniň barha artmagyna getirýär.

Bu günki gün tebigy baýlyklary tygşytlamak, daşky gurşawy goramak we senagatda, ýaşaýyş-jemagat ulgamynda hem-de oba hojalygynda suw serişdelerinden aýawly peýdalanmak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek möhüm ähmiýete eýe bolýar. Suw baýlyklarynyň geljekki nesillere-de elýeterli bolmagy üçin netijeli çäreleriň görülmegi wajypdyr. Hojalyk durmuşynda suw örän köp, käte bolsa biperwaý harçlanylýar. Munuň öňüni almak üçin öý hojalyklarynda suwuň sarp edilişini ölçeýän enjamlardan peýdalanylýar. ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak boýunça agentliginiň baha bermegine görä, şeýle çäre bütin dünýäde suwuň biperwaý sarp edilişini 20 — 40 göterime çenli peseldip biler.

Orazgül ANNAMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.