Köpçülikleýin welosipedli ýöriş — saglyk hem ekologik arassaçylyk

12 Aprel 2022
1326

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan her ýylyň 7-nji aprelinde geçirilýän Bütindünýä saglyk gününiň bu ýylky şygary «Biziň planetamyz, biziň saglygymyz» diýlip atlandyryldy. Bu şygar Ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny diňe bir sagdyn durmuşa çagyrman, eýsem, daşky gurşawymyzyň abadançylygyny, ekologiýany gorap saklamaga-da çagyryşdyr.

Adamzadyň parahatçylykda, asudalykda, sagdyn durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna gönükdirilen ynsanperwer çagyryşlara işjeň seslenýän halkymyz her ýylyň Bütindünýä saglyk gününde geçirilýän çärelere höwesjeň gatnaşýar. Saglygy baş baýlygy hasaplaýan watandaşlarymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 7-nji aprelinde hem hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy esasynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş çäresini geçirdiler. Bu köpçülikleýin ýörişiň badalgasy Welosiped binasyndan başlandy.

Meýlis Garajaýew,
«Türkmen dünýäsi».