Parahatçylygy söýüjilik — hoşniýetlilik ýörelgeleriniň binýady

12 Aprel 2022
2143

Türkmenistanyň parahatçylygy söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölegidir. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň baş maksady, döwletimiziň asuda we durnukly ösmegi üçin doly amatly daşarky şertleri döretmekden ybaratdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan strategik taýdan ähmiýetli, iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly agzasy hökmünde özüni tanatdy.

Parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ählumumy ykrar edilmä eýe bolan ýurdumyz, sebit hem-de halkara ähmiýetli möhüm meseleleri çözmekde uly orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlary, teklipleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy esasynda ykrar edilen hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen goldanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, onuň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çemeleşmeleriniň esasy bolup durýar.

Şemşat SETDAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri.