Hoşniýetli gatnaşyklaryň mizemez binýady

6 Aprel 2022
1973

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn başlangyçlaryndan ugur alýan ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine ygrarly bolmagynda galmak bilen, halkara jemgyýetçiligine bu syýasaty işjeň wagyz edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi dünýäniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim we beýleki ugurlarda giň gatnaşyklary ýola goýmakda, hormatly Prezidentimiziň köpugurly daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda uly orny eýeleýär. Şol strategiýa durmuşyň möhüm maksatlaryny gazanmaga: ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we ony berkitmäge gönükdirilendir.

Parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat bilen garamak türkmen Bitaraplygynyň esasy ýörelgesi bolup, olar Türkmenistanyň daşary syýasatynda we ähli döwletler bilen alyp barýan diplomatik gatnaşyklarynda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň BMG-niň maksatlaryna gabat gelýändigini, sebitde halkara ylalaşdyryjylyk tagallalaryny birleşdirmekde netijelidigini iş ýüzünde tassyklaýar.

Serdar GUMMANOW,
TDGG-niň Ahal welaýat gümrükhanasynyň «Sarahs demir ýoly» gümrük nokadynyň müdiriniň orunbasary, maýor.